- degerli
- 1) Ýerlikli aýdylan (söz), öz ýerinde berlen (jogap we ş. m.).∙ Poltoraskiniň öz sözünden ötgür, degerli söz tapmak mümkin-de däldi. (B. Kerbabaýew. Aýgytly ädim)∙ Ol halkyň arasynda has giň ýaýran çeper aforizmleri, nakyllary öz ýerinde, degerli edip peýdalanmagy oňarýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)∙ Olaryň her biriniň soragyna degerli jogap berdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)2) Maksada laýyk, oňaýly, amatly.∙ Allaýar saryk çarwalarynyň iň degerli guýularyny eýeläpdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Men näme üçin degerli pursaty goldan berdim? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Saňa ýerli-ýerden örän degerli kömek ederis diýsek, sen niçik görýärsiň? -- diýip, Akmämmet aýtdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)3) seret degenek 1
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.